Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň jezalaryň ýerine ýetirilmegi baradaky bölümi 13 ýyl mundan ozal iş kesilen aktiwist Mansur Mingelowyň möhletinden öň boşadylmagy üçin esas tapmady diýip, “Turkmen.news” neşiri 10-njy dekabrda habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, Mingelow öz hukuklaryny we buluç azlygynyň beýleki agzalarynyň hukuklaryny gorandygy üçin, galplaşdyrylan jenaýat işi esasynda, azatlykdan mahrum edildi.
Habarda onuň süňk inçekeseliniň agyr görnüşinden ejir çekýändigi we kanun boýunça türmeden boşadylmalydygy öňe sürülýär.
Tussagyň maşgalasy sentýabr aýynda onuň azatlyga çykarylmagy üçin Baş prokuratura we Içeri işler ministrligine arza beripdir.
Içeri işler ministrliginiň degişli bölümi 20-nji oktýabrda berlen iki arza bir, umumy jogap berip, aktiwistiň maşgalasynyň haýyşyny ret etdi. Mingelowyň daýzasy Nurjan Süzeriň maglumatyna görä, resmiler "ähli subutnamalary barlap", olaryň "häzirki türkmen kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmeýändigi" baradaky netijä gelipdirler.
Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda öz esasy hukuklaryny we azatlyklaryny parahatçylykly ulanmaga çalşandygy üçin adalatsyz tussag edilen adamlary azat etmäge çagyrdylar, şol tussaglaryň arasynda Mansur Mingelow hem ady agzaldy.
Azatlyk Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen günä geçişde syýasy tussag ýa-da wyždan bendisi hasap edilýänleriň bardygyny anyklap bilmeýär.