Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Rutte Bileleşik "Orsýetiň indiki nyşanasy" diýýär


NATO-nyň başlygy Mark Rutte
NATO-nyň başlygy Mark Rutte

NATO-nyň başlygy Mark Rutte harby bileleşigiň agzalarynyň Moskwadan abanýan howpa has çynlakaý garamalydygyny, sebäbi olaryň "Orsýetiň indiki nyşanasy" bolup biljekdiklerini duýdurdy.

Rutte 11-nji dekabrda Berlinde eden töwerekleýin çykyşynda şu güne çenli eden iň berk beýanatlarynyň birini edip, NATO-nyň 32 agzasynyň Orsýet bilen "öz ata-babalarynyň we uly ata-babalarynyň başdan geçiren uruşlarynyň möçberinde" bolup biljek urşuň öňüni almak üçin goranyş tagallalaryny güýçlendirmelidigini aýtdy.

"Biz Orsýetiň indiki nyşanasyy. Biz eýýäm howp astynda durus" diýip, Rutte aýtdy we Orsýetiň bäş ýylyň dowamynda NATO-a garşy harby güýç ulanmaga taýýar bolup biljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG